Rumyniýa täze gelen bolsaňyz bu programma size gündelik durmuşda kömek etmek üçin döredildi
Rumyniýa täze gelen bolsaňyz, bu programma size gündelik durmuşda kömek etmek üçin döredildi
Hoş geldiňiz!\
Rumyniýa täze gelen bolsaňyz, bu programma size gündelik durmuşda kömek etmek üçin döredildi.
Täze ýurtda ilkinji günler kyn bolup biler. Täze dil, täze düzgünler we köp soraglar ýüze çykýar.
Şonuň üçin bu programmada iň möhüm maglumatlary bir ýere jemledik.
Bu programmada nämeleri tapyp bilersiňiz?
- Rumyn dilini öwrenmek — türkmen dilinde
- Işe ýerleşmek — iş tapmak boýunça maslahatlar
- Işgäriň hukuklary — zähmet hukuklary barada maglumatlar
- Bank hasaby — bank hasabyny açmak boýunça maglumatlar
- SIM karta — mobil operatorlar barada maglumatlar
- Kwartira ýa-da otag — ýaşaýyş jaýyny gözlemek
- Ulag — otly, awtobus we uçar peteklerini satyn almak
- Peýdaly programmalar — Bolt we beýleki hyzmatlar
- Kurýer we posylka hyzmatlary
- Uniwersitetler — okuwa girmek boýunça maglumatlar
- Gyssagly kömek — möhüm telefon belgileri we döwlet edaralary
- Gündelik durmuş — Rumyniýada ýaşamak üçin peýdaly maslahatlar
Näme üçin bu programma döredildi?
Bu programma Rumyniýada ýaşaýan ýa-da täze gelen türkmenleriň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmek üçin döredildi.
Maksadymyz — size diňe maglumat bermek däl, eýsem täze ýurda has aňsat uýgunlaşmaga kömek etmekdir.
Rumyn dilini öwrenmek
Rumyn dilini bilmek:
- Has gowy iş tapmaga
- Bankda we döwlet edaralarynda arkaýyn gürleşmäge
- Kwartira gözlemäge
- Lukmana ýüz tutmaga
- Täze dostlar tapmaga
uly kömek edýär.
Şonuň üçin programmanyň içinde türkmen dilinde düşündirilýän rumyn dili sapaklaryny hem goşduk.
Size üstünlik arzuw edýäris!
Her gün täze bir zat öwreniň.
Kiçi ädimler uly üstünliklere eltýär.
Dilden Dile topary size Rumyniýada üstünlikli durmuş we okuw arzuw edýär!
Habarlaşmak
Soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz bar bolsa, bize ýüz tutup bilersiňiz.
E-mail: dildendile.help@gmail.com
Çeşme
Bu ýazgydaky resmi maglumatlaryň ilkinji çeşmeleri:
- Guvernul României — hökümetiň resmi portaly
- Zähmet ministrligi (iň pes aýlyk haky, zähmet kodeksi)
- ITM — Zähmet Inspeksiýasy
- IGI — Immigrasiýa general inspektoraty (Permis de ședere)
- ANAF — Salgyt administrasiýasy
- CNAS — Saglyk ätiýaçlyk gaznasy
- Ministrul Educației — bilim ministrligi
- Study in Romania — resmi portal
- RetuRO (SGR) — gaýtadan işleýiş ulgamy
- ANCOM — aragatnaşyk baradaky edara
Özbaşdak programma
Bu programma Rumyniýa hökümetine, döwlet edarasyna ýa-da resmi gurama degişli däl we ony aňlatmaýar. Hiç bir hökümet hyzmatyny alyp barmadyr we hiç bir resmi edara tarapyndan tassyklanmandyr. Maglumatlar diňe bilim maksady bilen berilýär; hukuk ýa-da lukmançylyk maslahatynyň ýerini tutmaýar. Resmi maglumatlar üçin ýokardaky resmi saýtlara ýüz tutuň.
Baglanyşykly ýazgylar
-
Rumyniýadaky türkmenler — WhatsApp topary
Rumyniýada ýaşaýan türkmenleriň WhatsApp topary: soraglaryňyza kömek we maslahat alyp bilersiňiz.
-
Oturuş ygtyýarnamasy (Permis de ședere)
Rumyniýadaky oturuş ygtyýarnamasy barada gysgaça gollanma. Ygtyýarnamany almak, uzaltmak, hukuklar we ýygy berilýän soraglaryň jogaplary
-
dildendile.study
Näme üçin Dilden Dile?